Aşgabatly uruş weteranyna hormat nyşany gowşuryldy
Fewral 03, 2024 | 20:10 |7099


Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri aşgabatly uruş weterany Mariýa Awanýesowa "Leningradyň faşistik gabawdan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna" atly hormat nyşanyny hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň gutlag hatyny gowşurdylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Mariýa Dmitriýewna gabawda bolan şäheriň agyr günleri baradaky ýatlamalaryny paýlaşdy. Ol 1942-nji ýylyň awgust aýynda şäherden alnyp gaýdylypdyr. Çaý başyndaky söhbetdeşlik ol Leningradyň ýaşaýjylarynyň geçiren agyr günleri, duşman öňünde ejizlemedik batyrlygy barada gürrüň berdi.
ORIENT news








