Kataryň iň meşhur gazetinde Arkadag “akylly” şäheri barada makala çap edildi


Kataryň iň okalýan gündelik “Al Shard” gazetinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň Arkadag “akylly” şäheri baradaky makalasy çap edildi.
Makalada Merkezi Aziýada ilkinji “akylly” şäheriň ähmiýeti nygtalýar.

Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyry 2023-nji ýylda ulanylmaga berildi. Ol ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin iň oňaýly şäherleriň biridir. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 11 jemgyýetçilik we 25 edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy we köpsanly beýlekiler gurlup ulanmaga berildi.
Täze şäheriň çäginde döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda saglygy goraýyş, bank, söwda edaralarynyň işi, awtobuslaryň hereketi, taksi hyzmatlary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň çäklerinde elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy.
Şeýle hem şäherde ekologiýa taýdan arassa elektrobuslaryň we elektrotaksileriň işi ýola goýuldy.
Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2026-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
ORIENT news








