HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-de bir günde bahasy 30 million dollara golaý önümler içerki we daşarky bazarlara satyldy

Fewral 03, 2024 | 12:01 |5800
Anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri, gurluşyk serişdeleri we türkmen el halylary satyldy.Anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri, gurluşyk serişdeleri we türkmen el halylary satyldy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri, gurluşyk serişdeleri we türkmen el halylary satyldy.

Daşarky bazarda Owganystanyň we Gazagystan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "SN-180" kysymly ýagy, "Л-0,5-62" kysymly dizel ýangyjyny we "TPP D 30 S" kysymly polipropileni satyn aldylar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükleri satyn almaga geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýeden gelen işewürler ýerli kärhanalardan jins balaklary, matalary we nah ýüplükleri satyn aldylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 3 057 024,68 manada we 29 527 684,07 ABŞ dollaryna deň bolan 19 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän gündelik söwda geleşikleri we satylýan önümleriň nyrhlary bilen şu salgyda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026