Hökümetiň mejlisinde ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamagyň möhümdigi bellenildi


Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Taňryguly Atahallyýew özüniň hasabatynda atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak, olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenisatnyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmek işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümligini belledi. Munuň üçin Arkadag şäherinde açylyp ulanmaga berlen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň degişli işleri geçirmäge gowy mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, arassa ganlylygyny gorap saklamak, reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.
ORIENT news








