HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä konferensiýasyna gatnaşyjylar pudagyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Fewral 02, 2024 | 13:06 |9721
29-31 ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi.29-31 ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi.
Çeşme: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan

29-31 ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi.

Oňa 70 ýurtdan 800-den gowrak myhmanlar, şol sanda 400-den gowrak daşary ýurtly wekiller bilen birlikde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti hem-de 20-den gowrak bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Sanly bilim boýunça Bütindünýä maslahatynyň guramaçylarynyň esasy maksady, ösen tehnologiýalary ulanyp, bilimi täze derejä çykarmakdan ybaratdyr diýlip bellenip geçildi.

Sanly bilimi halkara derejesinde özgertmek ilki bilen deňhukukly we ýokary hilli bilim ulgamyyň ösmegini kepillendirýär. Şeýlelik bilen BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.

Maslahata gatnaşanlar, ilki bilen Hytaýyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdylar.

Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti dünýäde sanly bilimiň ösüş derejesi babatynda we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin dürli ugurly hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagyň wajypdygyny bellediler.

Maslahatyň çäginde Bütindünýä sanly bilim bileleşigi resmi taýdan öz işine başlady. Birleşigiň kesgitlenen maksady hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlaryň arasynda sanly bilim ulgamynda öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerini birleşdirmekden ybarat boldy. Maslahata gatnaşyjylar emeli aň ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Hytaýyň sanly bilim pudagynyň beýleki ýurtlardan gelen wekilleriň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmek bilen, sanly bilim jemgyýetini gurmaga goşant goşmak üçin täze tejribeleri durmuşa geçirjekdigini aýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026