Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan serhetýaka gümrük nokatlarynyň işini sanlylaşdyrýar

Fewral 02, 2024 | 21:20 |9463
Gazagystanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny we söwdany ösdürmek maksady bilen ýurduň Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan bilen serhetýaka gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işlere badalga berildi.Gazagystanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny we söwdany ösdürmek maksady bilen ýurduň Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan bilen serhetýaka gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işlere badalga berildi.
Çeşme: kun.uz

Gazagystanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny we söwdany ösdürmek maksady bilen ýurduň Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan bilen serhetýaka gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işlere badalga berildi. Bu barada Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejileri komiteti habar berýär.

Döwrebaplaşdyrmak işleri öz içine ozalky bar bolan we häzirki wagtda bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän gümrük desgalarynyň ýerine täzelerini gurmagy öz içine alýar diýip, Gazagystanyň maliýe işleri boýunça wise-ministri Ýeržan Biržanow aýdýar.

Döwrebaplaşdyrmak işleri bilen bir hatarda ulag serişdelerine gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän iň täze gümrük dolandyryş enjamlary ornaşdyrylar we geçirilýän işler sanly ulgam arkaly awtomatik usulda ýola goýlar. Korrupsiýa töwekgelçiliklerini aradan aýyrmak üçin Merkezi dolandyryş edarasynda ähli gümrük nokatlaryna merkezleşdirilen gözegçilik ulgamy ýola goýlar.

Bu işler serhet geçiriş nokatlarynyň infrastrukturasyny gowulandyrmagy şertlendirer. Serhetden amatly ýagdaýda geçmek we bu boýunça döwlet gözegçiligini amala aşyrmak üçin ähli şertler dörediler. Awtoulag serişdeleriniň serhetden geçýän zolaklarynyň 2-den 6 çenli artdyrylmagy gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukybyny 8 esse ýokarlandyrmaga, serhetden geçmek üçin sarp edilýän wagty 30 minut azaltmaga mümkinçilik döreder.

Ozal habr berşimiz ýaly, Gazagystan döwrebaplaşdyrmak işleriniň geçirilýändigi sebäpli Türkmenistan bilen serhetýakada ýerleşýän "Temir-baba" awtoulag gümrük nokadynyň işini wagtlaýyn çäklendirdi.

"Temir-baba" awtoulag gümrük nokadynyň täze binasynyň gurluşygy şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.

Gazagystan şeýle-de demir ýol arkaly ýükleri üstaşyr geçirmegiň işini awtomatlaşdyrmak boýunça taslamany synag esasda işe girizdi. Ol Hytaý - Merkezi Aziýa we Hytaý - Ýewropa ugurlary boýunça daşalýan ýükleriň gümrük resminamalaryny sanly ulgam arkaly tabşyrmagy we dolandyrmagy göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Italiýanyň şäherçesi emeli aň geňeşçisini belledi

Italiýanyň şäherçesi emeli aň geňeşçisini belledi

16:00 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026