HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Şri-Lanka hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Fewral 02, 2024 | 18:27 |7023
2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky ilçisi Şalar Geldynazarow Şri Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky ilçisi Şalar Geldynazarow Şri Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky ilçisi Şalar Geldynazarow Şri Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.

Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekildi. Bu babatda ilçi, şu ýylda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip yglan edilendigini belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen ilçisi ynanç hatyny Şri-Lankanyň Prezidentine gowşurdy.

Türkmenistan we Şri-Lankanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň aprel aýynda ýola goýuldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026