Türkmenistanyň ilçisi Russiýanyň daşary işler ministri bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Fewral 02, 2024 | 12:26 |8023


Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda däbe öwrülen duşuşyga gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemini jemlediler hem-de şu ýylda durmuşa geçirilmeli esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Köptaraplaýyn duşuşyga GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedow hem gatnaşdy.
ORIENT news








