HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howa menzilleri el goşunda 100 ml-dan artyk suwuklyk götermekligiň gadagan edilmegini ýatyrarlar

Fewral 02, 2024 | 09:13 |4314
Käbir Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerinde el goşunda 100 ml-dan artyk suwuklyk götermekligiň gadagan edilmegi ýatyrylar diýip, Euronews habar berýär.Käbir Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerinde el goşunda 100 ml-dan artyk suwuklyk götermekligiň gadagan edilmegi ýatyrylar diýip, Euronews habar berýär.
Çeşme: kp.ru

Käbir Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerinde el goşunda 100 ml-dan artyk suwuklyk götermekligiň gadagan edilmegi ýatyrylar diýip, Euronews habar berýär.

Bu üýtgeşmäniň uçuşlaryň ygtybarlylygyna täsir etmeýändigine garamazdan Beýik Britaniýanyň Ulag ministrliginde aýtmaklaryna görä bu düzgüniň ýatyrylmagy howa menzillerinde nobata garaşmagyň wagtyny gysgaldar hem-de ýolagçylar üçin amatly şertleri döreder.

Munuň üçin Smiths Detection kompaniýasynyň täze kämilleşdirilen howpsuzlyk skanerlerinden peýdalanylar. Bu enjamlar kompýuter tomografiýasy tehnologiýasy esasynda işleýär hem-de ýolagçynyň torbasyndaky goşuň dury 3D şekilini almaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem täze tehnologiýa pul tygşytlamaga mümkinçilik berer, çünki ýolagçylar ýanlary bilen howa menziline dürli içgileri getirip bilerler.

Howpsuzlyk skanerleri eýýäm Demirgazyk-Gündogar Angliýadaky Tissaýd halkara howa menzilinde, Amsterdamyň Shiphol howa menzilinde we Leonardo da Winçi Rim-Fýumiçino halkara howa menzilinde ulanylýar.

Skanerler Londonyň Getwik we Hitrou howa menzillerinde synagdan geçirildi. Beýik Britaniýada täze howpsuzlyk tehnologiýasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda ornaşdyrylar.

Skanerler ornaşdyrylandan soňra 100 ml çäklendirmesi iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda ýatyrylar.

100 ml çäklendirmesi 2006-njy ýyldan bäri hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026