HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Türkiýe gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Fewral 01, 2024 | 16:25 |8584
Ýakynda Türkiýäniň BOTAŞ döwlet energetika kompaniýasynyň wekiliýeti Türkiýä türkmen gazyny ibermek boýunça Türkmenistanyň döwlet gaz we nebit konsernleriniň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.Ýakynda Türkiýäniň BOTAŞ döwlet energetika kompaniýasynyň wekiliýeti Türkiýä türkmen gazyny ibermek boýunça Türkmenistanyň döwlet gaz we nebit konsernleriniň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Çeşme: tr.euronews.com

Ýakynda Türkiýäniň BOTAŞ döwlet energetika kompaniýasynyň wekiliýeti Türkiýä türkmen gazyny ibermek boýunça Türkmenistanyň döwlet gaz we nebit konsernleriniň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ygtybarly gatnaşyklar nygtaldy we BOTAŞ-yň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkine laýyklykda türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky taýýarlygy we gyzyklanmasy beýan edildi. Bu barada Daily Sabah neşiri habar berýär.

BOTAŞ, bu maksada ýetmek üçin türkmen tarapyny goldamaga taýýardygyny mälim etdi, "bu babatda iki döwletiň kompaniýalarynyň arasynda türkmen gazyny türk we dünýä bazarlaryna eltmek üçin hemişelik aragatnaşygyň möhümdigi bellendi".

Şeýle hem bu kompaniýa, energiýa çeşmeleriniň dürlüligini ýokarlandyrmak we Türkiýäniň tebigy gazyň merkezine öwrülmek maksadyna ýetmek üçin işlemegini dowam etdirýändigini belledi.

“2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda BOTAŞ-yň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýewiň, şeýle hem, “Türkmengaz” we “Türkmennebit”-iň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýetiniň we BOTAŞ-yň Baş direktorynyňň orunbasary Mithat Aýdynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň, gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Onda taraplar gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň, şeýle hem türkmen gazynyň Türkiýä daşalmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy”. Bu barada türk kompaniýasynyň web sahypasynda aýdylýar.

Ýene-de bir ýokary derejeli duşuşygyň BOTAŞ-yň başlygy we Baş direktory Abdulwahit Fidan bilen türkmen wekiliýetiniň arasynda bolup geçendigi habar berildi.

Türkiýe energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin importa köp bil baglaýar, ýöne täsirini giňeltmek isleýär we daşarky garaşlylygy çäklendirmek üçin gözleg we önümçiligi güýçlendirmek üçin iş alyp barýar, diýip, Daily Sabah ýazýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026