HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda «Çagalar üçin Milli gazna» maksatnamasynyň çäklerinde ilkinji tölegler gelip başlady

Fewral 02, 2024 | 13:19 |6764
Bu maksatnama gatnaşýan çagalaryň ýörite hasaplaryna 2023-nji ýylyň dowamynda 100,52 dollar geçirildi diýip, Tengrinews.kz habar berýär.Bu maksatnama gatnaşýan çagalaryň ýörite hasaplaryna 2023-nji ýylyň dowamynda 100,52 dollar geçirildi diýip, Tengrinews.kz habar berýär.
Çeşme: Canva

Bu maksatnama gatnaşýan çagalaryň ýörite hasaplaryna 2023-nji ýylyň dowamynda 100,52 dollar geçirildi diýip, Tengrinews.kz habar berýär.

2006-njy ýylda we şondan soň doglan gazagystanly çagalar geljek üçin döwletden başlangyç maýasyny alarlar. Her ýyl olaryň ýörite hasaplaryna Gazagystanyň Milli gaznasynyň, ortaça, 18 ýyllyk maýa goýum girdejisiniň 50%-i geçiriler.

Öňki ýyllarda çagalara bölünip berlen puluň mukdarlaryna Milli gaznanyň serişdeleriniň düzüminde maýa goýulmagy dowam etdiriler. Bu bolsa olaryň goşmaça girdeji getirjekdigini aňladýar.

Çagalar 18 ýaşyna ýetýänçä bu pullary alyp bilmezler. Bu serişdeler olara diňe kämillik ýaşyna ýetenlerinden soň elýeterli bolar. Toplanan pul ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ýa-da bilim hyzmatlarynyň tölegini tölemek üçin ulanylyp bilner. Deslapky çaklamalara görä, maksatnama gatnaşmagynyň ähli döwürlerini jemläniňde, çagalar üç-dört müň dollar aralygynda pul alarlar.

2024-nji ýylda bu maksatnama şu ýyl 18 ýaşyny doldurýan çagalar giriziler. Olaryň hasabyna 2023-nji ýyl üçin degişli serişdeler geçiriler, olar bu puly diňe kämillik ýaşyna ýetenlerinden soň göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanyp bilerler.

2024-nji ýylda ýaş gazagystanlylaryň 250 müňden gowragynyň Milli gaznadan pul serişdelerini almagyna garaşylýar. Çagalara, takmynan, 695,5 million dollar bölünip berler.

Ýatlatsak, ozal Gazagystanyň Maliýe ministrligi Milli gaznanyň hasabyndaky serişdeleriň 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan çagalara tölenip başlanjakdygyny habar beripdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026