HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar

Fewral 01, 2024 | 11:32 |5810
2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň m2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň m
Çeşme: tmrl.gov.tm

2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi habar berýär.

Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Demirýollary” AGPJ-niň we «Türkmenistanyň Ulag Logistika merkeziniň» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ulag pudagyndaky Logistika mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderiler üçin ýurdumyz tarapyndan döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.

Myhmanlar esasan Mahaçkala we Astrahan portlaryndan däne önümlerini Owganystana we Eýrana mümkinçiligiň bardygyny, şeýle hem Türkmenbaşy-Astrahan portlarynyň arasynda yzygider konteýner daşamalaryny amala aşyrmaga mümkinçiligiň bardygyny belläp, bu ugurda seljerme işlerini geçirýändiklerini bellediler. Geçiriljek seljermeleriň netijeleri boýunça resmi ýollar arkaly tekliplerini ýollajakdyklaryny bellediler. Eger-de seljermeleriň netijesi boýunça amatly hasaplanan halatynda 2024-nji ýylyň mart aýyndan deňiz ýollar arkaly Türkmenbaşy halkara portuna ýükleri getirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Myhmanlaryň Balkan welaýatynyň saparynyň dowamynda “Bereket” we “Ak ýaýla” demir ýol stansiýalaryna hem saparda bolarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026