Malaýziýa ugramak üçin sebäp: “Türkmenistan” awiakompaniýasy Kuala-Lumpur şäherine uçuş biletlerine arzanladyş yglan etdi


“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat ugry boýunça 15-nji fewraldan başlanjak ilkinji uçuşlaryň biletlerine arzanladyş yglan etdi. Bu arzanladyş 30-njy marta çenli dowam eder diýip, awiakompaniýa habar berýär.
Bu syýahat etmegi gowy görýän jahankeşdelere Malaýziýa baryp görmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Bu ýurduň ýüzlerçe kilometrlere uzaýan ak çägeli deňiz kenarlary, tropiki toýlaryň müňlerçe gektary bar. Bu özboluşly tebigy goraghanalaryň birnäçesi ÝUNESKO-nyň goragy astyndadyr. Şeýle özboluşly ýerde ýerleşen obalarda dürli halklaryň we milletleriň wekilleri azybirlikde ýaşaýarlar. Bu ýurtda elýeter bahaly myhmanhanalar we köp sanly ýokary tehnologiýa dynç alyş ulgamy hem bar.

Ýurduň Langkawi adasyna baryp görmegiň özi nämä degmeýär. 1987-nji ýylda Malaýziýanyň Hökümetiniň bu adany salgytsyz söwda zolagy diýip yglan etmegi adanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini şertlendirdi. Şondan soň, balykçylar we daýhanlar adasy tiz wagtda dünýä syýahatçylygynyň merkezine öwrülýär. Adanyň ykdysadyýetine ýüzlerçe million dollar maýa goýumy gönükdirilip, bu pul serişdeleri adada syýahatçylygy ösdürmäge we myhmanhanalaryň gurluşygyna sarp edilýär. Langkawiniň syýahatçylyk infrastrukturasynyň geljekki ösüşi jenneti deňiz kenarynda 5 we 6 ýyldyzly myhmanhanalary, daýwing we SPA merkezleri, ýaht klublary döretmegi maksat edinýär.

Şunda Malaýziýanyň orta gurply syahatçylar üçin-de amatly syýahatçylyk ýeridigi bellärliklidir. Elýeter bahaly şeýle syýahatçylyk pudagy bilen şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary hem işjeň meşgullanýarlar. Ýerli ýaşaýjylaryň öýünde bolmak bilen, jahankeşdeler bu ýeriniň adamlarynyň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.

Bularyň ählisi myhman kabul etmek ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde gowy tälim berlen gümrük, migrasiýa gullukçylary, ýolbeletler, myhmanhana işgärleri, dükan satyjylary bar. Şunuň üçin-de bu ýerde myhmanlar güler ýüz bilen garşylanýar we şeýle ýagdaýda hem ugradylýar.

Öz gezeginde Türkmenistan hem malaýziýalylar üçin gyzykly syýahatçylyk ýurdy bolup biler. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy ýadygärlikler, täsin Garagum çölüne syýahat dostlukly ýurduň syýahatçylarynda ýakymly täsirleri galdyrar.
ORIENT news








