Ýaşulular jemgyýetçilik durmuşynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar


Çarşenbe güni Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine täze agza kabul edildi. Şeýle hem mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini we çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garadylar.
2022-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzda we beýleki döwletlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki çäreler geçirilýär.
Aşgabadyň günortasynda Magtymgulynyň ägirt uly heýkeliniň bina edilmegi beýik şahyryň we akyldaryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Onuň açylyş dabarasyny şahyryň ýubileýi mynasybetli guraljak çäreleriň dowamynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer çäreleri dostlukly döwletler tarapyndan giňden goldanylýar we bu ýurtlarda gaznanyň haýyr-sahawat işlerine gyzyklanma artýar. 2023-nji ýylda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Owganystanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň ugradyldy.
ORIENT news








