HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ermenistan sport bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Fewral 01, 2024 | 11:31 |4569
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Karen Giloýan bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Karen Giloýan bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistan Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Karen Giloýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýerewan şäherindäi ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda 2017-nji ýylda iki döwletiň sport ulgamynda jogapkär döwlet edaralarynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine üns berildi.

К.Giloýan Ermenistanyň demirgazyk şäheri bolan Gýumri şäheriniň GDA döwletleriniň 2024-nji ýylda sport paýtagty hökmünde yglan edilendigini habar berdi. Şol bir wagtda 2024-nji ýylda bu şäherde GDA agza döwletleriň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň maslahatynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Şeýle hem, Ermenistanyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan GDA döwletleriniň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşine ýolbaşçy hökmünde saýlanyp, başlyklyk edip gelýändigi aýtdy.

Taraplar Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän sport-bilim çärelerine bu iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen agyr atletikaçylarynyň we suwda ýüzüjileriniň Tokiýoda geçirilen olimpiadadan öň Ermenistanyň sport toplumlarynda türgenleşikleri geçendigini bellemek bolar. Küşt boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk we okuw sapagy geçirildi. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan bolsa her ýylda Bütindünýä Welosiped gününe bagyşlap, tigir sürmek boýunça çäreleri geçirmek däbe öwrüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026
Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

14:00 Sentýabr 29, 2026