HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy habarlary alyşmaga gyzyklanma bildirýär

Fewral 01, 2024 | 11:29 |5544
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew «The Korea Times» gazetiniň ýolbaşçysy we neşir edijisi O Ýong-jin bilen gepleşikleri geçirdi.Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew «The Korea Times» gazetiniň ýolbaşçysy we neşir edijisi O Ýong-jin bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew «The Korea Times» gazetiniň ýolbaşçysy we neşir edijisi O Ýong-jin bilen gepleşikleri geçirdi. Onda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi, şol sanda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ilçi öz söhbetdeşini Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy, ýurdumyzyň maglumat ulgamynda amala aşyrýan syýasatyna aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda geçirilýän möhüm wakalar bilen baglylykda täzelikleri we habarlary alyşmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlylyk bildirildi.

Türkmenistanda şu ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň, 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň, şeýle hem Änewiň şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip edilmeginiň ähmiýeti barada koreý tarapyna gürrüň berildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026
Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

14:00 Sentýabr 29, 2026