TGÝMJ geljekki iş meýilnamalaryny hödürledi


Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň merkezi edarasy 31-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gatnaşmagynda gibrid görnüşde habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça çäre geçirdi.
Çäräniň gün tertibine halkara guramalary we gurluşlary, ilkinji nobatda BMG bilen hyzmatdaşlyk, TGÝMJ-niň, işgärleriniň we meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmak arkaly potensialy güýçlendirmäge mümkinçilik berýän özara gatnaşyklar girdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
TGÝMJ-niň mundan beýläkki işleriniň meýilnamalary, şol sanda ýurduň ministrlikleri we pudak edaralary bilen maglumat alyşmak, ýygnaklary we seminarlary geçirmek şeýle hem, Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukuklaryny ornaşdyrmak boýunça 2024-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada maglumatlar hödürlendi.
TGÝMJ, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara komissiýanyň iş toparynyň bir agzasydyr. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetiň halkara ynsanperwer hukugy we onuň kanunçylykda durmuşa geçirilmegi baradaky bilimleri ýaýratmakdaky uly işleri bellendi. TGÝMJ-niň başlangyjy bilen okuwlar we seminarlar geçirilýär we orta mekdepleriň mugallymlary üçin okuw gollanmalary taýýarlandy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy hökmünde bu ugurdaky taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirip, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna möhüm goşant goşýandygy bellenildi.
Diňe 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda 32 milletiň wekili we ýurduň hemişelik ýaşaýjysy bolan ýene 301 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. 13 döwletiň 265 sany raýatyna we 25 milletiň wekillerine ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Birnäçe ýyldan bäri, 29 müň 697 adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi, 4 müň 753 daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşamak üçin rugsat aldy.
ORIENT news








