HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Maskyň kompaniýasy neýroçipi adam beýnisine üstünlikli ornaşdyrdy

Ýanwar 31, 2024 | 22:06 |5797
Özüne degişli bolan "X" sosial ulgamyndaky hasabynda amerikaly milliarder Ilon Mask "Neurolink" kompaniýasynyň ilkinji bolup adam beýnisine simsiz neýroçipi üstünlikli ornaşdyrandygyny habar berdi.Özüne degişli bolan "X" sosial ulgamyndaky hasabynda amerikaly milliarder Ilon Mask "Neurolink" kompaniýasynyň ilkinji bolup adam beýnisine simsiz neýroçipi üstünlikli ornaşdyrandygyny habar berdi.
Çeşme: salt.news

Özüne degişli bolan "X" sosial ulgamyndaky hasabynda amerikaly milliarder Ilon Mask "Neurolink" kompaniýasynyň ilkinji bolup adam beýnisine simsiz neýroçipi üstünlikli ornaşdyrandygyny habar berdi.

Bu çip adam aňy bilen kompýuteriň arasynda özara baglanyşdyryjy köpri bolup hyzmat eder. Eşidiş enjamy ýaly gulaga berkidilýän kabul ediji kapsulanyň adam beýnisine uzaýan sapajyk ýaly kiçi elektrodlary bar. Bu enjam beýniniň signallaryny "Bluetooth" ulgamy arkaly geçirmäge ukyplydyr.

Enjam arkaly müňden gowrak implant edilen elektrodlar adam beýnisine aralaşýar.

Enjamy işläp taýýarlanlaryň aýtmaklaryna görä, täze çip fiziki we psihiki bozulmalara garşy göreşmäge ýardam eder.

Enjamyň işleýşiniň ilkinji netijeli, onuň nerw impulslaryny anyklap bilýändigini görkezdi.

"Düýn ilkinji adam "Neurolinkden" implant aldy we derrew özüne geldi. Ilkinji netijeler köp zady wada berýän neýron spaýklaryny görkezdi" diýip, işewür belledi.

Beýnide implantlary janlandyrmak üçin synaglara gatnaşmaga meýletinçileri saýlamak işi geçen ýylyň sentaýbrynda başlandy. Şonda başlangyç tapgyrda çipiň howpsuzlygyna, hirurgiýa işine baha beriljekdigi aýdylypdy.

Bu boýunça taslama baryp-ha 2016-njy ýylda işe girizildi. Mundan ozal, degişli ugurda barlaglar diňe haýwanlarda geçirilýärdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026