HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan koreý köpçülikleýin habar beriş serişdesi bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiýär

Ýanwar 31, 2024 | 21:44 |4591
Ilçi Begenç Durdyýew "The Korea Herald" habarlar agentliginiň Baş direktory bilen gepleşikleri geçirdi.Ilçi Begenç Durdyýew "The Korea Herald" habarlar agentliginiň Baş direktory bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Ilçi Begenç Durdyýew "The Korea Herald" habarlar agentliginiň Baş direktory bilen gepleşikleri geçirdi. Onda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi öz söhbetdeşini Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy, ýurdumyzyň maglumat ulgamynda amala aşyrýan syýasatyna aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda geçirilýän möhüm wakalar bilen baglylykda täzelikleri we habarlary alyşmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlylyk bildirildi.

Ilçi Begenç Durdyýew şeýle hem Türkmenistanda şu ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen bagly geçiriljek çäreler, Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi barada Baş direktora gürrüň berdi.

Duşuşygyň barşynda degişli şanly seneleri açyp görkezýän wideorolik hem görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026