HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

Ýanwar 31, 2024 | 20:33 |5535
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Roin Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ylmy ugurda alnyp barylýan gatnaşyklary ösdürmekden we berkitmekden ybarat boldy. Taraplar akademiki işleri ulgamynda öz ýurtlarynda alnyp barylýan özgertmeler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdylar.

1 (1).jpg

Duşuşykda ilçi D.Seýitmämmedow şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy, şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” bu ýubileý güni bilen baglydygyny belläp geçdi.

Ilçi bu möhüm waka bilen baglylykda Türkmenistanda we onuň çäginiň daşynda köp sanly çäreleriň meýilleşdirilendigini aýtdy. Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti öz gezeginde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny mälim etdi we Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi. Akademik Roin Metreweli bular ýaly çäreler beýik türkmen şahyr-filosofik Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we dünýäde giňden ýaýramagyna, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar iki ýurduň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki ylmy çäreleri geçirmek, şeýle hem akademiki işjeňlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

2 (1).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026