HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Ýanwar 31, 2024 | 19:46 |5866
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda  Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda  Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar yzygiderli syýasy gepleşiklere, ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, energiýa, ulag çygrynda özara ýakyn gatnaşyklaryna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýda ösýändigini bellediler.

Şol bir wagtyň özünde, duşuşyga gatnaşyjylar ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň ösüş häsiýetini we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan gepleşikleriň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, Türkmenistanda 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň esasy sebäbine öwrülendigini belläp geçdi.

Taraplar beýik ýazyjynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we munuň özi ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmeginiň has hem berkejekdigini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026