HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID-iň YDA taslamasy Maryda “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady

Ýanwar 31, 2024 | 15:51 |9807
Şu ýylyň ýanwar aýynda USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky tapgyryny üstünlikli tamamlady. Alty aýlyk maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň 33-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” we “Grafiki dizaýny”.Şu ýylyň ýanwar aýynda USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky tapgyryny üstünlikli tamamlady. Alty aýlyk maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň 33-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” we “Grafiki dizaýny”.
Çeşme: YDA

Şu ýylyň ýanwar aýynda USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky tapgyryny üstünlikli tamamlady. Alty aýlyk maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň 33-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” we “Grafiki dizaýny”.

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we “bootcamp” formatynda “doly çümmek” görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Maksatnamanyň birinji tapgyry Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy. Maksatnamanyň ikinji tapgyry bolsa Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 14-den 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-ne çenli ýerine ýetirildi.

Maksatnamanyň Mary tapgyrynyň uçurymlarynyň 33-si zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünarlerine eýe boldular we olaryň 20-den gowragy okuwyň gidip duran döwründe Mary welaýatyndaky öňdebaryjy kompaniýalaryna işe girdiler.

Photo-1-1.jpg

Ýanwar aýynyň 17-de “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezinde maksatnamanyň uçurymlaryna okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşurylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýda geçirildi. Dabarada uçurymlar maksatnamanyň gurnaýjylaryndan we mugallymlaryndan mähirli gutlaglary we üstünlik arzuwlaryny minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Iş beriji kompaniýalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda gatnaşyjylaryň öz hünärlerini gowy özleşdirendiklerini we olar ýokary derejede taýýarlygyny we höweslerini görkezýändikleri belläp geçdiler.

“TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Aşgabat we Mary tapgyrlarynyň üstünliklerine esaslanyp, USAID-iň YDA Taslamasy şu ýylyň fewral aýynda bu maksatnamanyň indiki tapgyryny Türkmenabatda amala aşyryp başlaýar.

“TechYouth Bootcamp” maksatnamasy USAID-iň Türkmenistanda ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmäge üns berýändigini görkezýän mysal bolup durýar. Ýaşlary gymmatly iş tejribesini toplamak we dürli pudaklarda ulanylýan täze hünärleri ele almak üçin platforma bilen üpjin edip, bu maksatnama olara şu günki bäsdeşlikli zähmet bazarynda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026