HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkezi açyldy

Ýanwar 31, 2024 | 21:32 |11023
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: pixabay.com

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Deňeşdirme-hukuk öwreniş çygrynda ylmy seljermeleri geçirmek; hünärmenleriň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak; bilelikde ylmy-amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak; kanunçylygy kämilleşdirmek babatda maslahatlaşmalary geçirmek merkeziň esasy wezipeleri bolup durýar.

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde, bu ýerde ýörite edebiýatlaryň jemlenilmegi we onuň kitaphana gaznasynyň emele getirilmegi, degişli enjamlaryň işjeň ýagdaýda hereket etmegi üpjün edilýär. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026