HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede we Siriýada bolup geçen ýertitremeleriň bir ýyllygyna

Ýanwar 31, 2024 | 09:15 |10986
6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we  Siriýanyň käbir sebitlerinde bolup geçen güýçli ýertitremelere bir ýyl dolýar.6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we  Siriýanyň käbir sebitlerinde bolup geçen güýçli ýertitremelere bir ýyl dolýar.
Çeşme: news.israelinfo.co.il

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň käbir sebitlerinde bolup geçen güýçli ýertitremelere bir ýyl dolýar.

7,8 magnitudaly ilkinji ýertitremäniň merkezi Pazarjyk, Gaziantep we Kahramanmaraş şäherleriniň sebitinde boldy. Dokuz sagatdan soňra bolsa, 95 kilometr demirgazykda, Ekinözü şäheriň golaýynda 7,5 magnitudaly ikinji ýertitremesi bolup geçdi we onlarça müň adamlaryň pida bolmagyna getirdi.

Resmi maglumatlara görä, bu pajygaly ýagdaý diňe Türkiýede 50 müňden gowrak adamyň gurban bolmagynyň sebäbi boldy, millionlarça adam öýsüz galdy.

Häzirki wagtda Türkiýäniň Daşky gurşaw, şäherleşme we howanyň üýtgemegi baradaky ministrligi ýertitremesiniň weýrançylyklaryny aradan aýyrmak hem-de öýsüz galanlaryň öý bilen üpjün edilmegi ugrunda gije-gündiz tagalla edýär.

Ministrligiň ýolbaşçysy Mehmed Ojasekiniň aýtmagyna görä, dikeldiş işleri howa şertlerine garamazdan, 11 şäherde gije-gündiz dowam edýär. Bu işlere Köpçülikleýin ýaşaýyş jaý gurluşygy müdirliginiň, ýokarda ady agzalan ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk işleri boýunça baş müdirliginiň, Iller bankynyň toparlary çekildi.

Ministrlik tarapyndan 307 müň ýaşaýyş jaýynyň, şol sanda şäheriň merkezinde 50 müň ýaşaýyş jaýynyň hem-de obalarda 50 müň jaýyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

“Biziň ähli tagallalarymyz ýertitremesi zerarly ejir çekenleri öý bilen üpjün etmäge gönükdirilendir” diýip, Mehmed Ojaseki aýtdy.

Ýörite taslamanyň çäklerinde raýatlara boş ýer böleklerinde ministrligiň gözegçilik etmeginde özleri üçin hususy jaýlary gurmaga mümkinçilik döredilýär.

Türkiýäniň Daşky gurşaw, şäherleşme we howanyň üýtgemegi baradaky ministrliginiň Gurluşyk işleri boýunça baş müdirligi binalarda betona gözegçilik etmegiň elektron ulgamyny ornaşdyrdy (EBIS). Bu ulgam binalaryň howpsuz we berk bolmagy üçin beton goýmak işiniň her bir tapgyryny bellige alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026