HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Premýer-ministr wezipesinden el çekdi

Ýanwar 31, 2024 | 11:19 |9041
Irakliý Garibaşwili Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesinden el çekdi.Irakliý Garibaşwili Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesinden el çekdi.
Çeşme: aa.com.tr

Irakliý Garibaşwili Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesinden el çekdi.

"Men toparymyz bilen geçiren maslahatlaşmalarymyzyň netijesinde gelnen çözgüt barada halk köpçüligini habarly etmek isleýärin. Şu gün men Premýer-ministrlik wezipesinden el çekýärin" diýip, Garibaşwili ýörite geçirilen brifingde aýtdy. Mälim edilişine görä, ol "Gruzin arzuwy - Demokratik Gruziýa" dolandyryjy partiýa ýolbaşçylyk etmek teklibini kabul edipdir.

"Toparda üstünlik gazanyp biljek köp sany ýolbaşçylar bar we olara mümkinçilik bermek hem gerek. Mundan daşary, biziň öňümizde täze wezipeler dur - Güýzde biz parlamentiň täze agzalaryny düzmeli hem-de has belent sepgitlere ýetmek üçin "Gruzin arzuwynyň" saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy üçin taýýarlyk işlerini alyp barmaly" diýip Irakliý Garibaşwili aýtdy.

Ol Premýer-ministrlik döwründe ýurduň bähbitlerini ygtybarly gorandygyny, alnyp barlan işlere halkyň guwanýandygyny hem belledi.

Garibaşwili eýýäm ikinji gezek Premýer-ministrlik wezipesinde çetleşýär. Ol Hökümet ýolbaşçylygyna Bidzina Iwanişwiliden soň, 2013-nji ýylda saýlanypdy. Irakliý Premýer-ministrlige ikinji gezek 2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda saýlandy.

Gruziýanyň täze Premýer-ministriniň ady resmi ýagdaýda 1-nji fewralda yglan ediler. Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri häzirki wagtda dolandyryjy partiýa bolup çykyş edýän "Gruzin arzuwy" partiýasynyň ýolbaşçysy Irakliý Kobahidze esasy dalaşgär hökmünde görýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026