Änew barada täze kitap neşir edildi


Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty “Änew şahyrlary we halk döredijiligi” atly täze kitabyň neşir edilendigini habar berýär. Ol institutyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory Gurbangül Guzuçyýewa tarapyndan ýazylypdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde mälim edilýär.
Kitapda gadymy Änewde doglan, ýaşan şahyrlar, halk döredijiliginiň ussatlary we olaryň döreden eserleri ylmy esasda derňelýär. Bu eser Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Ylym” neşirýaty tarapyndan halk köpçüligine ýetirildi.
Kitap türkmen halkynyň XIX asyr poeziýasy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Onda hususan-da, Dostmämmet şahyr bilen Durdy Bagşynyň eserleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle hem Änewde ýaşan görnükli alymlaryň ömür ýoly, durmuşy bilen bagly rowaýatlar getirilýär.
ORIENT news








