HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ermenistanda söwda öýüniň açylmagyna ermeni tarapy gyzyklanma bildirýär

Ýanwar 30, 2024 | 11:01 |7781
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermeni telekeçisi Türkmenistanyň Ermenistanda söwda öýüniň açylmagyna ermeni tarapynyň isleginiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň Söwda öýleriniň işini has hem gowulandyrmak barada tabşyryklary berendigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ermeni bazarynda “Made in Turkmenistan” ýazgysy bolan türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy bellenildi we iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sanawyny baýlaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy beýan edildi.

Кaren Iwanow, şeýle hem, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Ilçi M.Aýazow bu sapar boýunça türkmen tarapynyň degişli ýardamlary berjekdigini ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasynyň meselelerini we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026