Ýaponiýadaky ilçi şol bir wagtda Filippinler Respbublikasynda diplomatik wezipäni ýerine ýetirer


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellenildi.
Türkmenistan we Filippinler Respublikasy diplomatik gatnaşyklary 1993-nji ýylyň 23-nji iýulynda ýola goýdy.
2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto Manalo (oturýan ýeri Tähran şäheri) öz işine başlady.
Filippinler Respublikasy Ýuwaş ummanynda ýerleşýän Filippin adalarynda ýerleşýän ýurtdyr. Onuň ýakyn goňşulary Indoneziýa, Bruneý we Taýwan adalarydyr. Adalar arhipelagynda jemi 7100-e golaý ada bar. Ýurduň umumy ilat sany bolsa 101 milliona golaýdyr.
ORIENT news








