HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedinde gümrük maglumatlaryny alyşmagyň gurallary ornaşdyrylýar

Ýanwar 29, 2024 | 20:27 |8840
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar.Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Ol Farap awtoýollary (Türkmenistan) we Alat (Özbegistan) gümrük nokatlarynda geçirildi.

23-25-nji ýanwarda geçirilen çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Bu çäre ýük awtoulagly daşamalarda harytlaryň bikanun dolanyşygynyň töwekgelçiligini azaltmak, onuň bilen bagly Port gözegçilik topar agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky ähmiýeti uly bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ulag geçirijiligini ösdürmek boýunça serhetleşýän gümrük edaralarynyň alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, bu ugurda gümrükçileriň özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksatlaryna gönükdirilen.

Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermeniniň alyp barmagynda guralan amaly okuw çäresiniň barşynda, oňa gatnaşyjylar şübheli ýükler boýunça dessine deslapky maglumat alyşmak, haryt ulag resminamalaryny we geçirilen ýükleriň gümrük barlagynyň netijelerini seljermek ýaly amallary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikde geçirip, özara tejribe alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026