Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gaplaňgyr goraghanasynda jerenleriň sany 200-e ýetdi

Ýanwar 29, 2024 | 17:44 |7477
Şu ýyl döredilmeginiň 45 ýyllygyny belleýän Gaplaňgyr döwelet goraghanasy öz çäginde jerenleriň sanyny 200-e ýetirmegi başardy.Şu ýyl döredilmeginiň 45 ýyllygyny belleýän Gaplaňgyr döwelet goraghanasy öz çäginde jerenleriň sanyny 200-e ýetirmegi başardy.
Çeşme: alpagama.org

Şu ýyl döredilmeginiň 45 ýyllygyny belleýän Gaplaňgyr döwelet goraghanasy öz çäginde jerenleriň sanyny 200-e ýetirmegi başardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ilkibaşda bu goraghana seýrek duş gelýän bars, jeren, dag goçy ýaly ýabany jandarlaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen döredildi. Goraghananyň ady hem öňler bu ýerde gaplaň, gulan ýaly jandarlaryň bu ýerde köpçülikleýin mesgen tutandygyny aňladýar.

Günorta Üstýurtda dag goçlarynyň baş sany 60-70-e golaýlaýar. Bu ýerdäki görnüşleriň sany ýyllyk çap edilýän "Tebigat ýazuwy" neşirinde giňişleýin beýan edilýär. Goraghanadaky beýikliklerde we köllerde guşlaryň baý görnüşi duş gelýär. Bu ýeriň tebigaty olaryň köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Goraghananyň hünärmenleri tarapyndan oturdylýan kameralarda iri süýdemdirijileriň, guşlaryň we beýleki jandalaryň anyk ýaşaýan ýerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem haýwnalaryň baş sanyny anyklamakda we tebigy aýratynlyklar öwrenilende beýleki öňdebaryjy usullar hem giňden peýdalanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026