HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi

Ýanwar 29, 2024 | 17:07 |5699
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyny medallar bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permanlara gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyny medallar bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permanlara gol çekdi.
Çeşme: milligosun.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyny medallar bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permanlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini hem-de döwletiň, jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli degişli medallar gowşurylyp, harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026