HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly ýaş sazanda halkara bäsleşikde baýrakly orny eýeledi

Ýanwar 30, 2024 | 09:56 |6493
Türkmenistanly ýaş sazanda Eziz Garýagdyýew “Saz marafony” atly çagalar saz mekdeplerinde we çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilýän IX Bütinrussiýa saz bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy.Türkmenistanly ýaş sazanda Eziz Garýagdyýew “Saz marafony” atly çagalar saz mekdeplerinde we çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilýän IX Bütinrussiýa saz bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy.
Çeşme: Eziz Garýagdyýew tarapyndan berilen

Türkmenistanly ýaş sazanda Eziz Garýagdyýew “Saz marafony” atly çagalar saz mekdeplerinde we çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilýän IX Bütinrussiýa saz bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy.

Bäsleşik köp sanly ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirildi.

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörüteleşdirilen saz mekdep-internatyna wekilçilik edýän Eziz “Kakylyp we üflenilip çalynýan saz gurallarynda saz çalmak” ugry boýunça üçünji ýeri eýeledi.

Ol Alekssandro Marçellonyň “Goboýly orkestr üçin konsertiniň” birinji bölegini ýerine ýetirdi.

Saza bolan söýgi Ezizde çagalykdan bäri bar. Onuň halypasy Ahmat Abaýew.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026
Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

14:00 Sentýabr 29, 2026
Dünýä liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlaýarlar

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlaýarlar

17:07 Sentýabr 28, 2026