HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aspirantlar we doktorantlar üçin “Anadolu” agentliginiň talyp haklaryny almaga ýüz tutmalar kabul edilýär

Ýanwar 29, 2024 | 17:52 |5647
Aspirantlar we doktorantlar üçin “Anadolu” habarlar agentliginiň talyp haklaryny almaga ýüztutmalaryň kabul edişligi dowam edýär. Bu barada agetnligiň saýtynda habar berilýär.Aspirantlar we doktorantlar üçin “Anadolu” habarlar agentliginiň talyp haklaryny almaga ýüztutmalaryň kabul edişligi dowam edýär. Bu barada agetnligiň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: aa.com.tr

Aspirantlar we doktorantlar üçin “Anadolu” habarlar agentliginiň talyp haklaryny almaga ýüztutmalaryň kabul edişligi dowam edýär. Bu barada agetnligiň saýtynda habar berilýär.

Ýüztutmalar 31-nji marta çenli kabul edilýär.

Talyp haklary iki magistranta we iki doktoranta dissertasiýa barlaglaryny goldamak, akademiki we hünär ösüşine ýardam etmek maksady bilen berilýär.

Talyp haky bilim almagyň we dissertasiýany goramagyň tutuş dowamynda berler. Onuň möçberi doktorantlar üçin 25 müň lira, magistrantlar üçin bolsa 12,5 müň lira bolar.

Magistrlik maksatnama boýunça talyp hakyny almak baradaky ýüz tutmalar diňe Türkiýeden kabul edilýär.

Doktorlyk maksatnama bolsa içerki we halkara ýüztutmalar üçin açykdyr.

Dalaşgärler magistraturada okaýanlygy baradaky kepilnamany, iki sany güwä hatyny, dissertasiýanyň mowzugy baradaky maglumaty we meýiller baradaky haty tabşyrmaly.

Şeýle hem daşary ýurt dilini bilýändigiň baradaky güwänama bolmaly. Synag iňlis dilinde we iki ýylyň dowamynda tabşyrylan bolmaly. Test synagynyň netijesi 80 derejeden pes bolmaly däl. Onuň ýerine netijesi 90 derejeden pes bolmadyk TOEFL testi hem bolup biler.

Goşmaça maglumaty almak üçin telefon belgileri: +90 312 999 25 82; +90 312 999 25 87.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026
Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

Oman Ormuz bogazynda howpsuz gämi gatnawyny üpjün etmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini tassyklady

14:00 Sentýabr 29, 2026
Dünýä liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlaýarlar

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlaýarlar

17:07 Sentýabr 28, 2026