Daşkentde Merkezi Aziýa "ýaşyl" uniwersiteti açylar


12-nji fewraldan başlap, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemegini öwrenýän Merkezi Aziýa "ýaşyl" uniwersiteti (Green University) özüniň ilkinji akademiki möwsümine başlar. Bu barada "Gazeta.uz" neşiri ýokary okuw mekdebini esaslandyryjy Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrligine salgylanyp habar berýär.
Ýokary okuw mekdebi "Durnukly ösüş", "Durnukly maliýe işi" we "Ekologiýa hukugy" ugurlary boýunça magistr bilim maksatnamasy boýunça okuwlara başlar.
Bu okuw ýylynda ähli okuwlar iňlis dilinde geçirilýär. Geljekde özbek we rus dillerinde okuw maksatnamalaryny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Onda bakalawr derejesi boýunça 25, magistr derejesi boýunça hem 20 talyp hakly okuwlar hem göz öňünde tutulýar. Ekologiýa ministrligi tarapynda zehinli talyplar üçin ýörite talyp hakly ýerler hödürlendi.
Uniwersitet Daşkent şäheriniň Şimkent şaýolunyň Darhan köçesiniň 2-nji jaýynda - Tokaý hojalygy tehnikumynyň binasynda ýerleşýär. Ýokary okuw mekdebiniň täze binasy Daşkendiň täze döredilýän böleginde gurlar.








