HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi ilkinji syýahatyna ugrady

Ýanwar 28, 2024 | 23:17 |10271
"Deňizleriň nyşanynyň" agramy 250 müň 800 tonna, uzynlygy bolsa, 365 metre barabar bolan dünýädäki iň uly ýolagçy gämisidir. Ol “Titanikden” hem bäş esse uludyr."Deňizleriň nyşanynyň" agramy 250 müň 800 tonna, uzynlygy bolsa, 365 metre barabar bolan dünýädäki iň uly ýolagçy gämisidir. Ol “Titanikden” hem bäş esse uludyr.
Çeşme: Getty images

"Icon of the Seas" ýa-da "Deňizleriň nyşany" diýlip atlandyrylýan dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi ilkinji ýüzüşine ýola düşdi. Onuň ilkinji syýahaty bir hepde dowam eder. Täze iň uly gämide ilkinji syýahaty şaýatlary bolmak üçin admlar näçe wagt öňünden petekleri satyn alypdylar. Finlýandiýanyň Turku gämigurluşyk zawodynda gurlan gämi Atlantik ummanyny ýüzüp geçip, 10-njy ýanwarda ABŞ-nyň Maýami şäheriniň deňiz kenaryna geldi.

"Deňizleriň nyşany" atly gämi şenbe güni agşamlyk Maýamiden ilkinji syýahatyna ugrady. Ol bir wagtda 7600 ýolagçyny we olara hyzmat edýän 2 müňden gowrak ekipaž agzany ýerleşdirip bilýär.

3 (2).jpg

Täze ýolagçy gämisinde syýahatçylara näme garaşýar? Esasy zatlaryň hatarynda 7 sany suwa düşülýän howzy (olaryň biri gäminiň üstünde iň uly howuzdyr), daga çykmak üçin emeli dag diwary, gidromassažy, tolkunly serfing simulýatory, buzly meýdançany, gijeki klublary, seýilgähi, woleýbol we basketbol meýdançalary we hem-de köp sanly restorany görkezmek bolar. Gämide şeýle hem dagly akwapark, agaçlar, teatrlar, suw çüwdürimleri we beýlekiler bar.

4 (2).jpg

“Deňizleriň nyşanynyň” işe girizilmegi, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň portuň hapalanmagyna garşy göreşmek üçin täze düzgünleri girizýän we ýolagçy gämilerine garşy çäre görýän döwrüne gabat geldi.

Mysal üçin, 2026-njy ýyldan başlap Norwegiýanyň deňiz portlaryna diňe gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna işleýän gämilere girmäge rugsat berlip bilner. Şeýle etmek bilen ýurduň hökümeti portlaryň hapalanmagynyň öňüni almak isleýär.

Täze ýolagçy gämileri uglerodyň zyňyndylaryny azaltmak üçin suwuklandyrylan tebigy gaz bilen doldurylýar. Suwuklandyrylan gazy ýakmak adaty ýangyç ýakanyňdan az azot oksidini, kükürt oksidini we zyýanly maddalaryny çykarýar. Ýöne daşky gurşawy goraýjylar bu görüşli ýolagçy gämileriniň ulanýan dwigatellerinden metanyň syzmagy barada alada bildirýärler.

5 (2).jpg

"Deňizleriň nyşany" gämisi dizelde we suwuklandyrylan gazda hereket edip bilýän goşa ýangyç dwigateli bolan täze gämileriň ýeke-täk nusgasydyr. Gämi "Royal Caribbean" kompaniýasyna degişlidir.

"Royal Caribbean" kompaniýasy "Deňizleriň nyşany" gämisiniň taslamasyny 10 ýyl mundan ozal taýýarlanda suwuklandyrylan gazy iň amatly ýangyç hökmünde hasaplapdy. Kompaniýa gäminiň geljekde metanol ýaly beýleki ýangyç çeşmelerine uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini aýdýar. Deňiz pudagy muny ýakyn geljekde iň geljegi uly gaýtadan dikeldilýän ýangyçlaryň biri hökmünde görýär.

"Deňizleriň nyşany" gämisi barada gysgaça maglumatlar:

"Deňizleriň nyşanynyň" agramy 250 müň 800 tonna, uzynlygy bolsa, 365 metre barabar bolan dünýädäki iň uly ýolagçy gämisidir. Ol “Titanikden” hem bäş esse uludyr.

"Royal Caribbean International" komapniýasy gämini gurdurmak üçin 1,65 milliard ýewro (1,79 milliard dollar) sarp etdi.

Täze gämide syýahat etmek üçin petekleriň bahalary adam başyna 1723 dollardan 2639 dollar aralygyndadyr. Roždestwo döwründe petegiň bahasy 5124 dollara ýetip biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026