HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Düýede 560 kilometr ýol geçer

Ýanwar 28, 2024 | 22:15 |7752
Jahankeşde Fýodor Konýuhow rus-arap toparynyň düzüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň çöllerine iki hepdelik syýahata ugrady.Jahankeşde Fýodor Konýuhow rus-arap toparynyň düzüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň çöllerine iki hepdelik syýahata ugrady.
Çeşme: Fýodor Konýuhowyň metbugat gullugy

Jahankeşde Fýodor Konýuhow rus-arap toparynyň düzüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň çöllerine iki hepdelik syýahata ugrady. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär. "7 emirligiň üsti bilen" diýlip atlandyrylýan syýahatyň ýoly Abu-Dabi, Dubaý, Şarja, Ras-el-Haýmy, Ajman, Fujeýra we Umm-el-Kaýweýna sebitleriniň üstünden geçer.

2 (1).jpg

Umuman alanyňda, syýahatçy iki hepdäniň dowamynda düýede 560 kilometre golaý ýol geçer. Ol syýahatyna Abu Dabi Emirliginiň Al-Aýn şäherinden ýola düşdi. Kerwen gündizine 30-40 kilometr ýol geçer we gün ýaşanda dynç almak üçin düşlär. Onuň gije düşlejek ýerleri beduinleriň gadymy ýaşan mekanlary we boýy 5 gatly bina barabar bolan çäge alaňlarynyň arasy bolar.

3 (1).jpg

KonÝuhowyň kerwen ekspedisiýalaryny guramakda ýeterlik tejribesi bar. Ol 2002-nji ýylda Kalmykiýada, Astrahan we Wolgograd sebitlerinde, Dagystanda we Stawropol ülkesinde düýede “Uly ýüpek ýoly arkaly” atly syýahat ugry boýunça 1 müň kilometrden gowrak ýol geçipdi. Konýuhow 2009-njy ýylda mongol we galmyk kärdeşleri bilen bilelikde gündogardan günbatara bütin Mongoliýa syýahat etdi. 2011-nji ýylda dünýäniň iň yssy ýerleriniň biri bolan Efiopiýanyň Danakil çölüniň 1 müň 200 kilometrini 40 günde geçmegi başardy.

4 (1).jpg

Ol Ýer şarynyň iň howply we näbelli ýerlerine 50-den gowrak ekspedisiýany gurap, jemi 25 gezek dünýä rekordyny goýdy. Şolaryň käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilendir. Ol Ýer şarynyň daşyndan 4 gezek, Atlantik ummanyny hem 17 gezek ýüzüp geçdi. Şeýlelikde, ol Ýer ýüzünde planetamyzyň bäş polýusyna ýeten ilkinji adam boldy: Demirgazyk we Günorta geografiki polýuslar, Demirgazyk buzly ummandaky otnositellik hadysasy bolmaýan polýus, Ewerest (beýiklik polýusy), Gorn burny (ýahtaçylaryň polýusy). Mundan başga-da, ol Demirgazyk we Günorta polýuslardan we Ewerest ýaly dünýäniň ýedi iň beýik dagyndan ybarat “Adventures Grand Slam” atly programmasyny ilkinji bolup tamamlady. Ol häzir 72 ýaşyndadyr.

6 (1).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026