HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

German kompaniýasy Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş işlerini alyp barar

Ýanwar 28, 2024 | 12:43 |6289
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň german tarapyndan hödürlenjek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp baryljakdygyny belläp, myhman Türkmenistanda dürli görnüşli lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin ýokary hilli çig mal binýadynyň bolmagynyň öndürilýän önümleriň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmeginiň baş şertini emele getirýändigini aýtdy. Bu bolsa ýurduň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. Munuň özi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň kanunçylyk taýdan berkidilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

GFR-iň iri kompaniýasynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdyp, gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026