Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça mejlis geçirildi


Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek babatda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipeleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň kanunçylygy milli tejribeden we däplerden ugur alnyp, şeýle hem halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.
Çykyş edenler döwlet edaralarynyň adam hukuklarynyň üpjün edilmegi ulgamyndaky işleriniň kämilleşdirilmeginiň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň netijesinde ilatyň intellektual ukyplaryny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ulgamda döwletimiz tarapyndan tassyklanan konwensiýalary we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Milli hasabatlary taýýarlamak, şeýle hem olary Birleşen Milletler Guramasynyň degişli komitetlerine ibermek Pudagara toparynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunda Türkmenistanyň adam hukuklaryny üpjün etmek we ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda gazanan üstünliklerine üns çekildi.
Toparyň şu ýyl üçin Iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
ORIENT news








