HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli intellekt boljak howany meteorologlardan has takyk çaklady

Ýanwar 29, 2024 | 10:43 |7775
GoogleDeepMind kompaniýasynyň  GraphCast emeli intellekt nusgasy  ilkinji gezek boljak howany meteorologlardan has takyk çaklady.GoogleDeepMind kompaniýasynyň  GraphCast emeli intellekt nusgasy  ilkinji gezek boljak howany meteorologlardan has takyk çaklady.
Çeşme: naked-science.ru

GoogleDeepMind kompaniýasynyň GraphCast emeli intellekt nusgasy ilkinji gezek boljak howany meteorologlardan has takyk çaklady .

Geçirilen synaglaryň dowamynda ol orta möhletleýin howa çaklamalary Ewropa merkezi (ECMWF) tarapyndan dolandyrylýan dünýädäki öňdebaryjy ulgamdan 1380 görkeziji boýunça 90 % öňe geçmegi başardy. Şol görkezijileriň hatarynda howanyň temperaturasy, basyşy, şemalyň tizligi we ugry, şeýle hem atmosferanyň dürli derejelerindäki çyglylyk ýaly görkezijiler bar.

GraphCast bir munutdan hem az wagtda boljak howany 10 gün öňünden çaklamaga ukyplydyr.

Geçirilen barlaglara laýyklykda, bu täze işläp taýýarlama energiýa sarp edişi boýunça beýleki usullara görä, ep-esli amatlydyr.

Emeli intellekt şu ýylyň sentýabr aýynda Kanadanyň Täze Şotlandiýa welaýatynda bolup geçen “Li” tupanyny dokuz gün öňünden çaklady. Munuň özi meteorologlaryň duýduryşyndan 3 gün öňdür.

Ýöne entäk GraphCastа howany çaklamagyň adaty usullaryna goşmaça hökmünde garalýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026