HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara isleg bildirildi

Ýanwar 29, 2024 | 10:47 |9256
26-njy ýanwarda anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara uly isleg bildirildi.26-njy ýanwarda anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara uly isleg bildirildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

26-njy ýanwarda anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara uly isleg bildirildi.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni hem-de «Y-354» kysymly tehniki uglerody satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjanyň işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kärhanasyndan arassalanan pagta galyndylaryny satyn aldylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri “Türkmenebit” döwlet konserniniň «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem olar elde dokalan halylary satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy umumy bahasy 6 102 277,67 manat we 728 298 dollar bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026