HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hemişelik wekili BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny beýan etdi

Ýanwar 27, 2024 | 14:08 |7701
Merkezi Aziýa döwletleri häzirki wagtda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň sebitde durmuşa geçirýän 15 maksatnamasynyň çäklerinde terrorçylyga we zorlukly ekstremizmlere garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli, sebit we halkara derejelerinde şahsy we toparlaýyn tagallalaryny giňeltmegi dowam etdirýärler.Merkezi Aziýa döwletleri häzirki wagtda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň sebitde durmuşa geçirýän 15 maksatnamasynyň çäklerinde terrorçylyga we zorlukly ekstremizmlere garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli, sebit we halkara derejelerinde şahsy we toparlaýyn tagallalaryny giňeltmegi dowam etdirýärler.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň Merkezi Aziýada durmuşa geçirýän taslamalaryna bagyşlanyp her ýylda geçirilýän brifingine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

"Merkezi Aziýa döwletleri häzirki wagtda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň sebitde durmuşa geçirýän 15 maksatnamasynyň çäklerinde terrorçylyga we zorlukly ekstremizmlere garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli, sebit we halkara derejelerinde şahsy we toparlaýyn tagallalaryny giňeltmegi dowam etdirýärler" diýip, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň ýolbaşçysy mälim etdi.

Ol şeýle-de müdirlige berilýän goldaw-kömeklere hoşallyk bildirdi. Bu işde Türkmenistanyň edýän ýardamlary hem uly ähmiýete eýedir. Bellenişi ýaly, şunuň ýaly özygtyýarly maliýe goldawlary BMG-niň esasy maliýe çeşmeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durup geçdi. Şunda öňüni alyş we irki habardar etmek işlerinde bar bolan gurallary netijeli işletmek, şeýle hem energetika we ulag desgalarynyň howpsuzlygyny we durnuklygyny üpjün etmek esasy ugurlar hökmünde bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026