Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň işgärlerini, harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady. Gutlag Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.
"Bu baýramyň giňden bellenilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine uly ynam bildirilýändigine hem-de olar hakynda yzygiderli alada edilýändigine şaýatlyk edýär" diýlip, gutlag hatynda bellenýär.
Hatda harby gullukçylaryň mukaddes Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, döwlet Garaşsyzlygyny goramaga hemişe taýýardyklaryny aýdyň görkezendikleri bellenýär.
"Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli Ýaragly Güýçlerimiz kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda döwletimiz Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilýär" diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow belleýär.
ORIENT news








