HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Medeni kerwen Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan geçer: Hytaýda başlanar, Pakistanda tamamlanar

Ýanwar 25, 2024 | 20:21 |7318
Sişenbe güni Pakistanyň Milli miras we medeniýet ministri Jamal Şah Yslamabatdaky daşary ýurt diplomatlary bilen Pakistan, Hytaý, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ikinji “CPEC” (China Pakistan Economic Corridor) Medeni kerwen meýilnamasyny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdy.Sişenbe güni Pakistanyň Milli miras we medeniýet ministri Jamal Şah Yslamabatdaky daşary ýurt diplomatlary bilen Pakistan, Hytaý, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ikinji “CPEC” (China Pakistan Economic Corridor) Medeni kerwen meýilnamasyny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: tribune.com.pk

Sişenbe güni Pakistanyň Milli miras we medeniýet ministri Jamal Şah Yslamabatdaky daşary ýurt diplomatlary bilen Pakistan, Hytaý, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ikinji “CPEC” (China Pakistan Economic Corridor) Medeni kerwen meýilnamasyny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdy.

Päkistanyň Milli sungat geňeşinde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow, Russiýanyň ilçisi Albert Horýew, Hytaý ilçihanasynyň geňeşçisi Bao Çžun, Gazagystanyň ilçisi Ýeržan Kistafin, Gyrgyzystanyň ilçisi Ulanbek Totuýaýew, Özbegistanyň ilçisi Oýbek Usmanow we Azerbaýjanyň ilçisi Hazar Farhadow gatnaşdy. Bu çärä Pakistanyň medeni pudagynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Jamal Şah, CPEC medeni kerweniniň Siandan (Hytaý) başlajakdygyny we Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, BAE-niň, Gwadaryň, Karaçiniň üstünden ahyrsoňy Yslamabatda tamamlanjakdygyny aýtdy. Bu barada “The Express Tribune” habar berýär.

"Medeni kerwen, CPEC gadymy Ýüpek ýolunyň ugrundaky dürli durmuşy resmileşdirer"-diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Bu medeni gezelenç, Hytaý-Päkistan ykdysady geçelgesinde we Merkezi Aziýany öz içine alýan Ýüpek ýolunda ýaşaýan adamlaryň tejribelerini we hekaýalaryny resmileşdirer.

Kerwen pakistanly, hytaýly we orta aziýaly suratkeşleriň, sazandalaryň, suratçylaryň, antropologlaryň, ýazyjylaryň we kinorežissýorlaryň dürli toparlaryndan ybarat bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026