TNGIZT-de täze görnüşli dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy


Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli nebit önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Nebithimiýa senagatyny ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda geçirilen işleriň netijesinde TNGIZT-de “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir.
Şeýle-de zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.
ORIENT news








