“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamalarynyň sanawyna goşuldy


“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara forumda gazanylan esasy pikirleri we netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylan Jemleýji resminama, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamalarynyň bukjasyna goşuldy. Foruma gatnaşyjylaryň bilelikdäki Beýannamasynyň teksti Birleşen Milletler Guramasynyň 6 resmi dilinde neşir edildi, ony şu resmi platformada görüp bilersiňiz.
Forumyň jemleýji materialynda, gatnaşyjy taraplar ählumumy ulgamynda parahatçylyk we ynam medeniýetiniň töwereginde amatly maglumat giňişligini döretmegiň, konfliktleriň öňüni almak üçin gepleşikleri geçirmegiň şeýle hem, döwletleriň daşky gurşaw meselelerini çözmekde we köpçülikleýin çözgütleri döretmekde edýän tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem bu resminamada, Türkmenistanyň durnukly parahatçylygy gazanmak ugrunda alyp barýan işleriniň aýratyn ähmiýeti bellendi, munuň BMG-a agza ýurtlaryň Türkmenistanyň Ählumumy başlangyçlaryny goldamakdaky raýdaşlygy, mysal üçin 2023-nji ýylyň “Dialogyň kepili hökmünde parahatçylygyň halkara ýyly” diýlip, yglan edilmegi şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 24-nji ýanwarda geçirilen Halkara bilim gününiň temasyny bellemek hem möhümdir: şu ýyl ÝUNESKO-nyň konferensiýasy “Durnukly dünýä üçin - bilim” şygary bilen geçirildi.
“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň öňisyrasynda Aşgabatda geçirildi. Çäräniň ýokary derejesi, sebit we global howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy element hökmünde bitaraplygyň kanuny statusynyň ähmiýetini aç-açan görkezdi.
ORIENT news








