Bişkekde şu ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi


25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasyny binasynda şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.
Oňa Gyrgyzystanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň, ýurduň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyzystanyň milli uniwersitetiniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy syýasatşynaslar, metbugat wekilleri, Bişkekdäki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem bu ýurtda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.
Çykyş edenler dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik akyldar Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmeginiň, akyldar filosofyň çuňňur mana eýe bolan döredijiliginiň dünýä ähmiýetine ünsi çekdiler.
Gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň Şanly seneleriniň sanawynda orun almagynyň hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan etmeginiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Brifingiň barşynda şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyşy guraldy. Bu kitap türkmen ýaşlarynyň geçen ýylda gazanan üstünliklerini giňişleýin beýan edýär.
Ýaşlaryň ýurdy ösdürmekde eýeleýän ähmiýetli ornunyň beýany kitabyň esasy mazmunyny düzýär. Geçen ýylda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, bilimde, ylymda, sportda uly üstünlikleri gazanan ýaşlar hormatlanyp döwlet sylaglary bilen sylaglandylar.

Şeýle hem şu ýylyň Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilendigi barada aýdyldy. Bu babatdaky degişli çözgüt TÜRKSOÝ guramasynyň Türkiýäniň Bursana şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde kabul edildi. Şeýle hem çärede ýurduň ösüşlerini görkezýän wideorolikler görkezildi.
Gatnaşyjylar bu çäräniň türkmen-gyrgyz medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge özüniň goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdiler.
ORIENT news








