HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda öndürilen önümler Kazandaky iri söwda merkezinde satylýar

Ýanwar 26, 2024 | 15:45 |8570
Türkmenistanda öndürilen önümler Kazan şäherinde ýerleşýän “Bahetle” atly iri söwda merkezinde satylyp başlandy.Türkmenistanda öndürilen önümler Kazan şäherinde ýerleşýän “Bahetle” atly iri söwda merkezinde satylyp başlandy.
Çeşme: Milana Maletinskaýa

Türkmenistanda öndürilen önümler Kazan şäherinde ýerleşýän “Bahetle” atly iri söwda merkezinde satylyp başlandy. Bu barada Kazan şäherinden “ORIENT-e” habar berdiler. Bellenişi ýaly, bu söwda merkezinde azyk önümlerinden başlap, dürli himiýa we hojalyk harytlary satylýar.

“Men bir ýyla golaý wagtdan bäri Kazanda okaýaryn. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleri görendigime örän şat” diýip, türkmenistanly talyp Milana Kaletinskaýa aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu ýerde ter we gaplama önümlerini, goýaltmalary, maýonezleri we souslary elýeterli bahdan satyn alyp bolýar. “Eger-de biz daşary ýurt önümleri bilen bir ýerde duran Türkmenistanda öndürilen önümleri görenimizde, biz höwes bilen öz ýurdumyzyň harytlaryny satyn alýarys” diýip, ildeşimiz belledi.

Onuň sözlerine görä, Kazan şäheriniň ýaşaýjylary aýratyn-da miwe mürepbe önümlerine uly isleg bildirýärler. Bellenişi ýaly, Türkmenistanda öndürilýän önümler Kazanyň söwda nokatlarynda has köp duş gelýär. Bu şäherdäki iri ýokary okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň golaýyndaky dükanlarda türkmen harytlarynyň görnümegi bu ýerde okaýan köp sanly türkmenistanly ýaşlary guwandyrýar. Mysal hökmünde bllesek, diňe Kazan Federal uniwersitetinde türkmen ýaşlarynyň 4 müňe golaýy bilim alýar.

1706239739234.jpg

1706239516065.jpg

1706239516070.jpg

1706239516056.jpg

1706239516050.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026