HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň deňiz instituty türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Ýanwar 26, 2024 | 15:25 |4486
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew M.P.Dewýataýew adyndaky deňiz-derýa floty institutynyň direktory Ilýas Salahow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew M.P.Dewýataýew adyndaky deňiz-derýa floty institutynyň direktory Ilýas Salahow bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew M.P.Dewýataýew adyndaky deňiz-derýa floty institutynyň direktory Ilýas Salahow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda rus tarapy deňiz-derýa ulagy pudagynda türkmen hünärmenleriniň hünär derjesini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika pudagynda eýeleýän möhüm orny nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty Hazarýaka ýurtlary bilen ulag pudagynda özara baglanyşygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygy bellendi. Garaýewiň belleýşi ýaly, gämiçilik pudagyny ösdürmek üçin Türkmenistanda zerur desgalar guruldy. Bu öz gezeginde ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny zerurlyk hasaplaýar.

Taraplar bilim pudagynyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026