HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarystanyň daşary ýurtlular üçin bilim hyzmatlarynyň bazarynda türkmen talyplary agdyklyk edýär

Ýanwar 25, 2024 | 23:55 |6514
25-nji ýanwarda bellenilýän Tatýana güni ýa-da Rus talyplary güni, “Tatar-inform” daşary ýurtly talyp akymlarynyň geografiýasynyň ýyllyk synyny **[hödürledi](https://www.tatar-inform.ru/news/ekspansiya-turkmen-osobyi-interes-irancev-i-kitaicev-otkuda-studenty-priezzayut-v-kazan-5933128)**, bu Kazanyň bilim hyzmatlary bazarynda türkmenleriň “agdyklyk edýändigini” anyk kesgitledi.25-nji ýanwarda bellenilýän Tatýana güni ýa-da Rus talyplary güni, “Tatar-inform” daşary ýurtly talyp akymlarynyň geografiýasynyň ýyllyk synyny **[hödürledi](https://www.tatar-inform.ru/news/ekspansiya-turkmen-osobyi-interes-irancev-i-kitaicev-otkuda-studenty-priezzayut-v-kazan-5933128)**, bu Kazanyň bilim hyzmatlary bazarynda türkmenleriň “agdyklyk edýändigini” anyk kesgitledi.
Çeşme: tatar-inform.ru

25-nji ýanwarda bellenilýän Tatýana güni ýa-da Rus talyplary güni, “Tatar-inform” daşary ýurtly talyp akymlarynyň geografiýasynyň ýyllyk synyny hödürledi, bu Kazanyň bilim hyzmatlary bazarynda türkmenleriň “agdyklyk edýändigini” anyk kesgitledi.

Häzirki wagtda 147,3 müň talyp Tatarstanyň ÝOM-lerinde okaýar. 22,7 müň daşary ýurtly talyp bar. Olar goňşy 15 ýurtdan we 111 daşary ýurtdan gelenlerdir. Şeýle-de bolsa, daşary ýurtlularyň umumy sanynyň 50% -den gowragy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan gelýär.

Bu ýyl, “Tatar-inform” Kazandaky diňe üç sany öňdebaryjy uniwersitetde gözleg geçirdi: Kazan Federal (KFU) we iki sany himiýa, nebithimiýa we biotehnologiýa ugurlary boýunça geljekki hünärmenleri taýýarlaýan milli tehnologiki (КНИТУ) hem-de gözleg – tehniki ýagny uçar inženerçiligi (КНИТУ-КАИ) uniwersitetlerdir. Bu uniwersitetlerde iň köp “daşary ýurtly” talyplar jemlenýär.

1.png

KFU-nyň maglumatlaryna görä, 2023/2024 kabul ediş kampaniýasynda uniwersitetde bakalawr we hünärmen derejeleri üçin 9,5 müňden gowrak adam kabul edildi, şolardan 1,7 müňi daşary ýurtly talyplardyr. KFU-nyň daşary ýurt kontingentiniň esasy bölegi adatça Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Hytaýdan gelen raýatlardan durýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistandan gelen talyplaryň sany ep-esli artdy: bir ýyl öň 593 talyp kabul edildi, 2023-nji ýylda - 936 adam.

2023-nji ýylda 1025 daşary ýurtly Kazan milli gözleg tehnologiki uniwersitetine girdi. Ýurt nukdaýnazaryndan KMGTU-da Türkmenistanyň agdyklyk edýändigi aýdyň görünýär: 725 talyp. Özbegistan, Täjigistan we Gazagystan uly orun alýar. Surat birnäçe ýyl bäri üýtgemedi.

2.png

2023-nji ýylda Türkmenistanyň 1023 raýaty A. N. Tupolewiň adyny göterýän Kazan Milli gözleg tehniki uniwersitetine girdi, bir ýyl öň bary-ýogy 65 adam bardy.

"Bu, esasan, A. N. Tupolewiň adyny göterýän Kazan Milli Gözleg Tehniki Uniwersitetiniň, diplomynyň Türkmenistanda döwlet derejesinde ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr" -diýlip duşundirilýär. Deňeşdirmek üçin: Gazagystandan bary-ýogy 45 adam, ilkinji üçlügi ýapan Täjigistandan 23 telyp bu ýere girdi.

3.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026