HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID we Türkmenistanyň Zenanlar Birleşigi gender deňligini ilerledýär

Ýanwar 25, 2024 | 14:12 |7923
24-nji ýanwarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşiniň, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üçin gender deňligi meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatyny gurnady.24-nji ýanwarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşiniň, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üçin gender deňligi meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatyny gurnady.
Çeşme: USEmbassy Ashgabat PAS

24-nji ýanwarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşiniň, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üçin gender deňligi meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatyny gurnady.

USAID Türkmenistanda inklýuziw we deňhukukly jemgyýeti gurmak boýunça alnyp barylýan işleri goldaýar. USAID Türkmenistanda Gender Deňligi Boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny amala aşyrmak maksady bilen döwlet gullukçylaryny deňhukukly gender kadalaryny ilerletmek boýunça gymmatly ukyp-başarnyklar we gurallar bilen üpjün edýär.

2-3.jpg

Türkmen döwlet gullukçylary milli kontekstde gender deňliginiň strategiýalaryny işläp düzmek we goldamak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşdylar. Dünýä tejribelerini öwrenmek bilen, okuw-maslahatyna gatnaşyjylar gender duýgurlygyny üpjün etmegiň, gender kemsitmeleriniň öňüni almagyň we gender boýunça öňdebaryjy tejribeleri sosial guraly hökmünde ulanmagyň mehanizmleri barada pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň üsti bilen USAID GSP zenanlaryň Türkmenistanyň ösüşindäki ornuny güýçlendirýär we olaryň döwlet dolandyryş prosseslerine işjeň gatnaşmaklaryna we ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmaklaryna mümkinçilik döredýär.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2Impact (Q2) hökmünde işi alyp barýan The QED Group, LLC kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026